Lebaply telekeçiler ýaňy ýapylan çörek we çörek önümlerini hödürleýärler

Lebap welaýatynyň telekeçileri geçen alty aýda 519 tonna ýakyn çörek we çörek önümlerini öndürdiler.

Olar ilata galyply çörek, tamdyrda ýapylan çörek, bulka ýaly geçginli önümleri hödürleýärler.  Işini Türkmenabat şäherinde alyp barýan Rozymyrat Töräýewiň hödür edýän çörek we çörek önümlerine bolan isleg hem uly. Oňa degişli önümhanada ýylyň başyndan bäri galyply çöregiň 110,5 tonnasy, tamdyr çöreginiň 32 tonna ýakyny, beýleki çörek önümleriniň 196 tonnadan gowragy öndürildi. Dänew etrabyndan Oglaý Taýyrowa, Köýtendag etrabyndan Sähragül Işanulyýewa dagylaryň önümhanalarynda bişirilýan çörekler hem alyjylaryň arasynda uly islegden peýdalanýarlar. Olar yssylygyna alyjylara ýetirilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector