YKDYSADYÝET

Türkmenistan: Lebap welaýatynda bugdaý oragyna girişildi

Lebap welaýatynda güýzlük bugdaýyň oragyna badalga berildi. Indi gallaçylaryň öňünde gysga möhletlerde ýetişdirilen hasyly ýygnap almak wezipesi dur.

Däp bolşy ýaly, bu  jogapkärli möwsüme dabaraly ýagdaýda badalga berildi. Onuň üçin Çärjew etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginiň meýdanlarynyň biri saýlanylyp alyndy. Ondan ozal welaýat häkimliginde okuw maslahaty geçirildi. Oňa welaýatyň we etraplaryň häkimleri, olaryň orunbasarlary, daýhan birleşikleriň başlyklary we agrosenagat toplumynyň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri gatnaşdylar.

Geçen güýzde welaýatyň gallaçylary 130 müň gektar ýere bugdaý tohumyny sepip, onda bol hasyl ýetişdiriler. Şu möwsümde olar 310 müň tonna hasyl almagy göz öňünde tutýarlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: