YKDYSADYÝET

Türkmenabatdaky kärhanada 17 müň tonna çörek önümleri öndürildi

Ilatyň çörek we çörek önümlerine bolan islegini kanagatlandyrmakda Türkmenabat şäherindäki 2-nji çörek kärhanasynda netijeli işler durmuşa geçirilýär.

Kärhanada şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda çörek we çörek önümleriniň 16 müň 394 tonnasy, unaş önümleriniň 720 tonnasy öndürildi. Degişli döwürde öndürilen önümleriň pul hasabyndaky möçberi bolsa 22 million 504 müň 413 manatlyga deň boldy. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijiden ep-esli artykdyr. Şeýle-de kärhanada süýji-köke önümleri hem taýýarlanylyp, ilata hödürlenilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: