BIZE YAZYARLAR

Mähir bilen gurşalanda       

Ýaşlaryň. çagalaryň arasynda dürli mazmunly çäreleri yzygerli guraýarys. Eýsem edep-ekramly, zehinli çagalary terbiýelemegiň gönezligi nireden gözbaş alýarka? Bu babatda bilim işgärleri, ene-atalar bilen piker alyşýarys. Şol söhbetdeşliklerdäki gürrüňler bolsa, nesil terbiýesinde ähmiýetliligi bilen tapawutlanýar.

Kämil nesiller ata Watanymyzyň röwşen geljegi, jemgyýetmiziň hazynasydyr. Watana wepaly, döwrebap, ahlak taýdan arassa nesilleri kemala getirmekde terbiýe ilkinji orunda durýar.

Çagalar mekdepde we maşgalada mähir we söýgi bilen gurşalýar. Söýgi bilen gurşalan çaganyň kalby ynamdan, mähir bilen gurşalan çaganyň göwni umytdan pure-pür bolýar.

Her bir çaganyň kalby, aňy baslygyp ýatan uly güýje eýedir. Şol güýji açmak üçin çagalarda özüne bolan ynamy oýarmak, geljege bolan umydy güýçlendirmek ähmiýetlidir. Çaga özüniň ezizligini, Watanyň şu gününiň guwanjydygyny, geljeginiň daýanjydygyny duýmalydyr. Öz perzentlik  goşandyny goşup mukaddes ene topragy gülletmek, ata Watany beýgeltmek duýgusy her bir ýaş nesliň kalbynda çagalykdan kök urmalydyr. Bu mukaddes duýgy  olara her demde arzyly isleglerini amala aşyrmaga güýç bermelidir.

Çaga ýüregi örän duýgur hem näzik bolýar. Bu olaryň kalbynyň gözellige aşyklygynyň, ýagşylyga teşnediginiň alamatydyr. Hut şonuň üçin olara tebigat we durmuş gözellikleriniň manysyny açyp bermek, ýagşylygyň bahasyz hazynadygyny atalar sözleriniň, rowaýatlaryň we tymsallaryň üsti bilen  düşündirmek ähmiýetlidir. Kalby ruhy nygmatlardan iýmitlenip, göwni gözellik bulagyndan ganan nesilleriň dünýäsi hemişe ruhubelent, owadan, nurana bolýar.

Aslynda bu ümmülmez älemiň özi durşuna sazlaşykdan ybarat. Çagalar şol sazlaşygy dowam etdirijilerdir. Goý, mähir bilen apalanyp, söýgi bilen ezizlenip kemala gelen nesiller ata Watanymyzyň geljegini hasam nuranalyga, bagtyýarlyga beslesin!

Nadira Rahmedowa,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Çärjew etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni. 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: