YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynda elektrik energiýasynyň öndürilişi 41,4 göterim artdyryldy

2023-nji ýylyň ilkinji aýynda welaýat boýunça elektrik energiýasynyň 438 million kilowat sagady öndürildi. Munuň özi gyş paslynyň aşa sowuk günlerinde sarp edijileri elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmäge mümkinçilik berdi. Gowy görkezijileriň gazanylmagyna «Lebap» döwlet elektrik stansiýasynyň hünärmenleri has saldamly goşant goşdular. Bu ýerde ýylyň ilkinji aýynda öndürilen elektrik energiýasy 231 million kilowat sagada golaýlady. Elektrik energiýasynyň bir bölegi baglaşylan şertnama laýyklykda daşary ýurtlara ugradyldy. Türkmen elektrik energiýasyny sarp edijileriň arasynda Özbegistan, Gyrgyzystan we Owganystan ýaly döwletler bar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: