YKDYSADYÝET

Suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça 102%-e ýakyn ösüş depgini gazanyldy

Suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça Lebap önümçilik müdirliginde ýylyň başyndan bäri 92,5 müň tonnadan gowrak suwuklandyrylan gaz öndürdiler, diýip «Türkmen gündogary» gazeti ýazýar.

Müdirlik boýunça üstümizdäki ýylda bu geçginli önümi öndürmekde geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 101,9 göterim ösüş depgini üpjün edildi. Harytlyk önümiň 83,6 müň tonna golaýy bolsa eksporta ugradyldy. Gaz kondensatynyň 73,4 müň tonnadan gowragy öndürilip, geçen ýylyň deňeşdirilýän döwrüne görä, 120,8 göterim ösüş gazanyldy. Munuň özi Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň çig mal üpjünçiligini has gowulandyrmaga mümkinçilik berdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: