JEMGYÝET

Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan weloýöriş geçirildi

Şu gün Türkmenabat şäherinde Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan welosipedli ýöriş geçirildi. Oňa gatnaşyjylar Amyderýanyň üstünden geçýän awtomobil köprüsinden badalga aldylar. «Beýik ýüpek ýoly» monumentiniň duşundan geçenlerinden soň bolsa şähere tarap ugur aldylar.

Ýeterlik aralygy geçenlerinden soň olar Lebap welaýatynyň edara merkeziniň esasy köçeleriniň birine — Bitarap Türkmenistan köçesine sowuldylar. Onuň ugrunda ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň, Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky sazly-drama teatrynyň, welaýat kitaphanasynyň, Baş Baýdak meýdançasynyň deňinde olary aýdym-saz we ýaş türgenleriň görkezme çykyşlary bilen garşy aldylar we ugratdylar.

Çärä gatnaşyjylar «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanyndaky meýdançanyň deňine ýetdiler we 10 müň orunlyk sport toplumyna tarap sowuldylar. Bu ýerde welosipedli ýöriş tamamlandy. Olary belentden ýaňlanan aýdymlar we türgenleriň görkezme çykyşlary bilen garşy aldylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: