YKDYSADYÝET

Turkmenistan : Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna girişildi

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde geçirilen hoşallyk maslahaty Bäherdende we Köýtendag etraplarynda iri sement zawodlarynyň gurluşygyna badalga berilmegine bagyşlandy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti ýakynda bu zawodlaryň ikinji tapgyryny gurmak baradaky taryhy Karara gol çekdi.
Lebap sement zawodynyň 1-nji tapgyry 2013-nji ýylda ulanylmaga berildi. Özboluşly senagat şäherçesine öwrülen bu zawod häzir ýurdumyzda sement önümçiligi bilen meşgullanýan iň iri kärhanalaryň biridir. Geçen ýyl bu ýerde öndürilen sement 1 million tonna golaýlady.
Ikinji tapgyryň gurulmagy bilen zawodyň kuwwatlygy 2 million tonna ýeter. TSTB-de geçirilen hoşallyk maslahatynda hem aýdylyşy ýaly, «Türkmen enjam» hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçylary şu aýyň başyndan täze tapgyryň gurluşygyna girişdiler. Milletiň Lideriniň gol çeken Kararynda hem görkezilişi ýaly, gurluşygy 2022-nji ýylyň ahyrynda tamamlamak meýilleşdirilýär.
Ýeri gelende aýtsak, «Türkmen enjam» hojalyk jemgyýeti zawodyň täze tapgyryny gurmak boýunça yglan edilen halkara bäsleşikde ýerli we daşary ýurt kompaniýalarynyň 18-siniň arasyndan saýlanyp, ýeňiji boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: