YKDYSADYÝET

Lebapda öndürilen senagat harytlarynyň 70 göterimden gowragy eksport edildi

2023-nji ýylyň ýylyň ýanwar ― noýabr aýlarynda Lebap welaýatynyň senagat kärhanalary tarapyndan sarp edijilere ugradylan senagat önümleriniň möçberi (ýylyň başyna önümleriň galyndylaryny goşmak bilen) 5 892,4 million manada barabar boldy. Bu barada welaýat neşiri habar berýär.

Şol harytlaryň 71,7 göterimi ýurduň daşyna iberildi. 

Hasabat döwründe sarp ediş harytlarynyň jemi öndürilişi 4 504,8 million manat, şonuň döwlete dahylly bölegi bolsa 503,8 million manat boldy.