YKDYSADYÝET

«Ukyply topar» kärhanasynda plastmassa plitalar öndürilýär

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde ýerleşýän «Ukyply topar» kärhanasynda plastmassadan plitalaryň önümçiligi ýokary depginde alyp barýar. Bu barada «Rysgal» gazeti habar berýär.

Geçen ýylyň başynda önümçiligini ýola goýan kärhanada öndürilýän polietilenden we polipropilenden plastmassa plitalary ýaşaýyş jaýlarynyň, binalaryň, suw howdanlarynyň diwarlaryny örtmek üçin ulanylýar. Önümler çyg geçirmeýändigi, durnuklylygy, çydamlylygy bilen tapawutlanýar. Olaryň galyňlygy 5 millimetre, ini 50 santimetre, boýy 1; 1,5; 1,8 metre deňdir. Önümçilikde ýerli çig malyndan peýdalanylyp, ol Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan, Gyýanlydaky polimer zawodyndan alynýar. «Ukyply toparyň» bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli önümleri Türkiýe Respublikasyna hem eksport edilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: