YKDYSADYÝET

Alty aýda 8 müň 350 tonnadan gowrak tüwi we tüwi ýarmasy öndürildi

Üstümizdäki ýyl boýunça görkezilen bu görkeziji S.Türkmenbaşy etrabynyň tüwi öndürýän kärhanasyna degişlidir. Bu ýylda 30 müň tonna şalyny gaýtadan işleýän bu kärhananyň önümçilik bölümleriniň ählisinde aýlyk meýilnamalaryň üstünlikli berjaý edilendigini görkezýär. Ýarym ýylyň dowamynda öndürilen önümleriň pul möçberi bolsa 10 million 216 müň manada barabar boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: