TÜRKMENISTAN HABARLARYYLYM WE TEHNIKA

Türkmenistan «EXPO 2020 Dubaý» halkara sergisine gatnaşar

Şu gün Birleşen Arap Emirliklerinde «EXPO 2020 Dubaý» iri halkara sergisi öz işine başlar. Bu abraýly halkara forumyna dünýäniň 190-dan gowrak döwleti bilen bir hatarda Türkmenistan d hem gatnaşýar, diýip «atavatan-turkmenistan.com» saýty ýazýar.

Garaşylyşy ýaly, bu halkara sergisine gatnaşmaklyk Türkmenistanyň ýeten sepgitlerini dünýä jemgyýetçiligine görkezmäge, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň maksatlaýyn ösüş maksatnamalary, türkmen halkynyň baý medeni mirasy bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik berer, şeýle hem ýerli tehnologiýalary, ylmy işläp taýýarlamalary, harytlary we hyzmatlary daşaky bazarlara çykarmaklygy üpjün eder.

Biziň ýurdumyzyň sergi meýdançasy «Ykjamlyk» mowzuklaýyn bölüminde ýerleşýär. 9-njy oktýabr güni tutuşlygyna Türkmenistanyň ýeten sepgitlerini, şol sanda nebitgaz toplumynyň gazananlaryny görkezmeklige bagyşlanar.

Sergi 2022-nji ýylyň 31-nji martyna çenli hereket eder.

Sergidäki diwarlyklar bilen “expo2020dubai.com” saýty arkaly wirtual ýagdaýda hem tanşyp bolar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: