Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryny geçirmek boýunça okuw maslahaty geçirildi

Feb 4, 2021

Türkmenabat şäher häkimliginde Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparynyň guramagynda okuw maslahaty geçirildi.
Oňa Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň wekili, welaýat saýlaw toparynyň agzalary, welaýat halk maslahatynyň agzalary, şeýle hem etrap, şäher halk maslahatlarynyň başlyklary we orunbasarlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Onda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryny guramaçylykly geçirmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
2021-nji ýylyň 6-njy fewralyndan welaýat, etrap we şäher halk maslahatlary tarapyndan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärler hödürlenip başlanar.
Ozal saýlawlaryň geçirilişine syn etmek üçin welaýat boýunça 83 sany milli synçynyň bellige alnandygyny we olara degişli şahsyýetnamalaryň gowşurylandygyny habar beripdik.

Поделиться ссылкой:

Leave a Reply

Войти с помощью: