Jeyhun News

Информационно-аналитический портал

Gazagystandaky sergide türkmen toý lybaslary görkezildi

Oct 1, 2021

Gazagystanyň gündogaryndaky Ust-Kamenogorsk şäherinde guralan sergide milli toý lybaslary görkezilýär, diýip «TÜrkmenistan. Altyn asyr» saýty ýazýar.

Gazagystanyň, Russiýanyň, Koreýanyň, Tatarystanyň, Ukrainanyň we Germaniýanyň halklarynyň özboluşly toý lybaslarynyň arasynda Türkmenistandan eksponat edilen lybas has-da göze gelüwli gelýär.

1980-nji ýylda Türkmenistanyň Döwlet muzeýinden bu muzeý-goraghana 1975-nji ýylda aşgabatly çeper elli zenanyň dokan ketenisinden tikilen zenan toý lybasy peşgeş berilipdi.

Sergi halklaryň maddy we ruhy mirasyny beýan edýär. Bu ýerde görkezilýän eksponatlar etnografiýa saparlarynda toplandy, respublikan we halkara ýarmarkalaryndan satyn alyndy, şeýle hem Gazagystanda işleýän konsullyklaryň hem-de ilçihanalaryň ýardamy bilen birnäçe ýyllaryň dowamynda toplandy.

Adblock
detector