DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Kinoekipažy ýeriň töweregindäki orbita çykarjak raketa taýýar

Baýkonur kosmodromynyň gurnama-synag korpusynyň №31 meýdançasynda kosmos maksatly «Союз-2.1а/Союз МС-19» raketany umumy ýygnamak tamamlandy. Bu barada «Российская газета» habar berýär.

Roskosmosyň habar bermegine görä, ol 5-nji oktýabrda Halkara kosmos stansiýasyna içinde uzak wagtlaýyn işlejek 66-njy ekspedisiýasynyň ekipažy we «Çagyrma» ylmy-magaryf taslamasynyň gatnaşyjylary bolan «Союз МС-19» dolandyrylýan transport korablyny ýeriň töweregindäki orbita çykarar.

Häzir «Союз МС-19»-yň esasy we dublýor ekipažy Baýkonurda uçuşdan öňki taýýarlyk işini dowam etdirýär. Ol öňde duran äleme uçuş döwrüniň maksatnamasyny öwrenmegi, bort resminamalaryny tertipleşdirip goýmagy, fotoapparatura bilen işlemegiň praktiki sapaklary, äleme uçuşyň faktorlaryna taýýarlygy içine alýar.

Öň habar berşimiz ýaly, esasy ekipažyň komandiri — Russiýanyň Gahrymany Anton Şkaplerow. Onuň bilen režissýor Klim Şipenko we aktrisa Ýuliýa Peresild uçarlar. Dublýorlar — Russiýanyň Gahrymany Oleg Artýomýew, operator Alekseý Dudun we aktrisa Alýona Mordowina.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: