TÜRKMENISTAN HABARLARY

Iri desgalar Garaşsyzlyk baýramyna sowgat bolar

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Lebap welaýatynda açylyp, ulanylmaga beriljek iri desgalaryň hatarynda Türkmenabat şäherinde gurulýan «Türkmeniň ak öýi binasy», Kerkide sagatda 100 ýolagça hyzmat etjek howa menzili we Çärjew etrabynda gazturbinaly elektrik bekedi hem bar.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow ýakynda welaýatda iş saparynda bolup, şu ýyl ulanylmaga beriljek desgalarda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Wise-premýer bu saparyň netijeleri barada Hökümetiň 28-nji ýanwarda geçirilen mejlisinde döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, desgalaryň gurluşygynyň iş depginini artdyrmagyň möhümdigini belledi hem-de wise-premýere we Lebap welaýatynyň häkimine gurluşyklaryň ýokary hil derejesinde we bellenen möhletlerinde ulanylmaga tabşyrylmagyny üpjün etmek barada degişli tabşyryklary berdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply