JEMGYÝET

Türkmenistan «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisine gatnaşar

Türkmenistan Ýaponiýanyň Osaka şäherinde 2025-nji ýylyň 13-nji aprelinden 13-nji oktýabry aralygynda geçiriljek «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisine gatnaşar. Häzirki wagtda oňa gatnaşmagyň ýokary derejesini üpjün etmek bilen bagly guramaçylyk meseleleri çözmek boýunça işer alnyp barylýar.

Degişli düzümler bilen bilelikde ýurduň kuwwatyny görkezmek maksady bilen Türkmenistanyň milli pawilýonyny gurmak we ony enjamlaşdyrmak, bezeg işlerini amala aşyrmak babatda, şeýle-de beýleki guramaçylyk işleri geçirilýär.

Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 20-nji oktýabrda geçirilen mejlisinde habar berildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: