JEMGYÝET

Kofe tejribehanada öndüriler

Finlýandiýanyň Tehniki gözleg merkeziniň alymlary bioreaktorlarda kofe döretmegiň tehnologiýasyny ösdürýärler. Täze önümçilik üçin çig mal kofe dänejikleri däl-de, biotejribehanada taýýarlanan guradylan toz (poroşok) bolar.

Mundan beýläk, bu tozy kofeniň ornuna demläp içip bolar. Ol kofeniň tagamyny we lezzetini berer.

Taslama entek başlangyç tapgyrda we ol özi üçin maýa goýulmagyny talap edýär. Şeýle-de bolsa alymlar bu taslamanyň üstünlik gazanjakdygyna ynanýarlar, çünki täze önüm ekologiýa taýdan hem iňňän arassa bolar.

Kofeni tejribe ýoly bilen öndürmek köp sanly kofe agaçlarynyň ýok edilmeginiň öňüni alar. Şeýle hem ol suw, ulag ýaly çykdajylary hem aradan aýrar. Munuň üçin biraz garaşmaly bolar. Çünki topar taslamany doly tamamlamak we degişli ygtyýarnamalary almak üçin dört ýyl çemesi wagtyň gerek boljakdygyny aýdýar. Şeýle-de bolsa, kofeniň täze görnüşine Finlandiýa eýýäm sabyrsyzlyk bilen garaşylýar.

Adaty kofe önümçiliginiň daşky gurşawa ep-esli zyýan berýändigini ýatladýarys. Önümçilik suw we köp mukdarda energiýa talap edýän çygly üweýiş hadysasyndan geçýär. Soňky ýyllarda iri kofe meýdanlary üçin tokaýlaryň çapylyp aýrylýandygyny hem ýazanlarymyzyň üstüne goşup bileris. Diýmek, ýakyn dört ýylda bularyň ählisinden gutulmaga mümkinçilik bar.

Ylhamjan BAHRAMBAÝEW,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: