JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragyny almak ugrundaky bäsleşik yglan edildi  

Türkmenistanyň Prezidenti «Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda» Karara gol çekdi.

Oňa höwes bildiren daşary ýurt raýatlary hem gatnaşyp bilerler. Bu bäsleşigiň ýeňijileri bellenilen ugurlar boýunça kesgitleniler. Şeýle-de, onuň çäklerinde Türkmenistanyň höwesjeň aýdymçy ýaşlarynyň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi hem-de dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda «Çalsana, bagşy!» bäsleşigi, zehinli çagalaryň arasynda «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigi yglan edildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary «Edebiýat we sungat» gazetinde dolulygyna çap ediler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: