Aşgabatda nebit we gaz boýunça halkara maslahaty we sergisi geçiriler
Şu ýylyň 26 — 28-nji oktýabrynda Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022» atly XXVII halkara maslahaty we sergisi geçiriler.
Oňa dürli daşary ýurt kompaniýalarynyň, halkara maliýe guramalarynyň, ýerli we Türkmenistanda işleýän halkara köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň köp sanly wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.
Halkara serginiň işine ýerli kärhanalaryň hem-de telekeçileriň, daşary ýurt kompaniýalarynyň birnäçesiniň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.
Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 20-nji oktýabrda geçirilen mejlisinde aýdyldy.