1-nji iýundan Türkmenistanda agyz-burun örtüklerini dakmagyň hökmanylygy ýatyrylar
1-nji iýunda Türkmenistanda agyz-burun örtüklerini dakmak aýrylar. Diňe ulaglaryň ähli görnüşlerinde hem-de ýapyk binalarda ätiýaçlygy elden bermezlik üçin olary dakmaly bolar. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň geçen anna güni geçirilen mejlisinde habar berildi.
Şeýle netijä gelinmezinden ozal dünýäde pandemiýa bilen bagly ýagdaýlaryň peselip başlandygy we köp döwletlerde öňüni alyş çäreleriniň tapgyrlaýyn gowşadylandygy barada Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň maglumatlary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň täzelikleri düýpli öwrenildi.
Şunuň bilen baglylykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň hünärmenleri şu ýylyň 1-nji iýunyndan başlap, ulaglaryň ähli görnüşlerinden hem-de ýapyk binalardan başga ýerlerde agyz-burun örtüklerini aýyrmagy teklip etdiler. Türkmenistanyň Prezidenti bu teklibi goldady.