JEMGYÝET

Afrikaly aýal birbada 10 çagany dünýä inderdi we dünýä rekordyny täzeledi

Günorta Afrika Respublikasynyň ýaşaýjysy Gosiame Sithoul birbada 10 çagany dünýä inderdi we Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen ozalky rekordy täzeledi, diýip «Sputnik.by» ýazýar.
Göwreliligiň tebigy ýagdaýda bolup geçendigi bu wakanyň aýratynlygydyr. 37 ýaşly afrikaly gelin 7-nji iýunda köp çagaly ene boldy. Şol gün 7 oglan we 3 gyz dünýä indi. Göwreliligi 29 hepde bolanda, çagalary halas etmek üçin keseriň kesigini etdiler.
Ýakyn birnäçe aýyň dowamynda çagajyklar inkubatorda geçirerler. Olaryň eýýäm ekiz erkek doganlary bar.
Ozalky dünýä rekordy hem afrikanyň wekilne degişlidi. Malide bir aýal birbada dokuz çaganyň: bäş gyzyň we dört ogluň enesi bolupdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: