SYÝASAT

Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasynda söwda gatnaşyklary ösdürilýär

Täjigistanyň Ykdysady ösüş we söwda ministrligi 2021-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýurtlary bilen söwda dolanyşygynyň has-da artandygyny we Türkmenistan bilen söwda gatnaşyklarynyň 2,7 esse ösendigini habar berýär, diýip, «Türkmenistan. Altyn asyr» ýazýar.

Täjigistan bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary güýçlendirmek we hil taýdan ösdürmek 2021-nji ýylyň awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Täjigistan respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda geçirilen gepleşikleriň esasy temalarynyň biri boldy. Şonda Türkmenistanyň Prezidenti bu ugurda bar bolan mümkinçilikleri durmuşa geçirmek boýunça geljekki bilelikdäki işiň geljegi uly ugurlaryny belläpdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: