YKDYSADYÝET

«Buýan» obasenagat toplumynda geçen ýyl 118,7 göterim ösüş depgini gazanyldy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Buýan» obasenagat toplumynyň zähmetkeşleri geçen ýyly üstünlikli tamamladylar.

Olar arassalanylyp baglanylan buýan köküniň 2961 tonnasyny taýýarladylar. Buýan köküniň gury ekstrakty bolsa 680 tonna barabar boldy. Şonuň ýaly-da, 610 tonna goýy ekstrakt öndürildi. Netijede jemmi öndürilen önümiň mukdary 19 million 787 müň manatdan geçdi we 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende, ösüş depgini 118,7 göterime barabar boldy.

Buýan köki we ondan öndürilýän önümleri derman we azyk senagatynda giňden peýdalanylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: