SYÝASAT

Lebap welaýatynda käbir geňeşlikleri ýatyrmak teklip edildi

 Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda 22-nji oktýabrda geçirilen mejlisde iri dolandyryş-çäk birliklerini döretmek, Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek, durmuş-ykdysady ösüşiň möhüm görkezijileriniň biri bolan şäherleşme derejesini we Geňeşleriň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen käbir geňeşlikleri ýatyrmak we beýlekileriň düzümine goşmak teklip edildi.

Çärjew etrabynyň Talhanbazar geňeşligini ýatyryp, onuň Pagtaçy obasyny Hojaili geňeşliginiň düzümine geçirmek; Döwletli etrabynyň Miras geňeşligini ýatyryp, onuň Miras we Garagum obalaryny Döwletli şäherçesiniň dolandyryş tabynlygyna geçirmek; Serdar geňeşligini ýatyryp, onuň Serdar we Dostluk obalaryny Türkmenistan geňeşliginiň düzümine geçirmek; Halaç etrabynyň Jeýhun geňeşligini ýatyryp, onuň Jeýhun obasyny Halaç geňeşliginiň düzümine geçirmek; Hojambaz etrabynyň Garaşsyzlyk geňeşligini ýatyryp, onuň Gülüstan obasyny Kyrköýli geňeşliginiň düzümine geçirmek; Köýtendag etrabynyň Ýürekdepe geňeşligini ýatyryp, onuň Ýürekdepe we Aýrybaba obalaryny Çärjew geňeşliginiň düzümine geçirmek; Saýat etrabynyň Çarbagdepe, Gyzylýarymaý geňeşliklerini ýatyryp, olaryň Miweçiler we Gyzylýarymaý obalaryny Tejribeçiler geňeşliginiň düzümine geçirmek hem-de Tejribeçiler geňeşliginiň adyny üýtgedip, oňa Çarbagdepe adyny dakmak; Çärjew etrabynda ýörite ýer gaznasynyň çäginde dörän täze ilatly ýere oba derejesini bermek we oňa Dostluk adyny dakmak, ol obany Hojaili geňeşliginiň düzümine geçirmek teklip edilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: