SYÝASAT

Türkmenistanyň wekiliýeti Türkmen-özbek sebitara forumyna gatnaşar

Şu gün Türkmenistanyň wekiliýeti Özbegistan Respublikasynyň Buhara şäherine gulluk iş saparyna gitdi. Onuň düzüminde telekeçiler, ýurduň Söwda-senagat edarasynyň wekilleri we beýlekiler bar.

Olar Türkmen-özbek sebitara forumyna, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Söwda-senagat edaralarynyň arasyndaky Işewürlik geňeşiniň mejlisine, Türkmenistanyň we Özbegistanyň önümçilik mümkinçilikleriniň sergisine gatnaşarlar. Sapar 14-nji iýuna çenli dowam eder. Forumyň işine Lebap welaýatynyň wekilleri hem gatnaşarlar.

Forumyň soňunda türkmen-özbek bilelikdäki dostluk konserti bolar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: