SYÝASAT

Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda söwdanyň möçberi artýar

Iki taraplaýyn resminamalara gol çekileninden soň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş eden wagty Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin geçen ýyl ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň 865 million dollara barabar bolandygyny we şu ýylyň birinji çärýeginiň netijeleri boýunça bolsa özara söwdanyň ýene-de 45 göterim ýokarlanandygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iki döwletiň özara söwdanyň, maýa goýumlaryň möçberini artdyrmak, senagat, ulag, energetika, oba hojalygy ýaly pudaklarda we birnäçe beýleki ugurlarda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin ýeterlik kuwwata eýedigini nygtady. Şonuň ýaly-da, ol soňky wagtlarda medeni-ynsanperwer, ylym we bilim ulgamlarynda gatnaşyklar ep-esli işjeňleşdirilendigini hem belledi.

Bu barada Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde habar berilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: