SYÝASAT

Türkmen tarapy «Bitewi Hytaý» ýörelgesine eýerýär

«Türkmen tarapy Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň bütin Hytaýa wekilçilik edýän ýeke-täk kanuny Hökümeti, Taýwanyň Hytaýyň çäkleriniň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny ýene-de tassyklaýar. Türkmen tarapy «Bitewi Hytaý» ýörelgesine eýerýär, «Taýwanyň garaşsyzlygynyň» islendik görnüşine garşy çykyş edýär, Taýwan aýlagynyň iki kenarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň parahatçylykly ösüşini we ýurdy birleşdirmek boýunça hytaý Hökümetiniň ähli tagallalaryny goldaýar. Taraplar islendik güýç arkaly içerki işlere gatyşylmagyna ýol bermezlik boýunça ysnyşykly hyzmatdaşlyk ederler» diýilip, Türkmenistanyň ýolbaşçysynyň HHR-a eden döwlet saparynyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň gol çeken bilelikdäki Beýannamasynda aýdylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: