JEMGYÝET

Kerkiniň pagta arassalaýjy kärhanasynda ýaşlary maşgala durmuşyna taýýarlamaga bagyşlanan çäre geçirildi

Kerkiniň pagta arassalaýjy kärhanasynda ýaşlary maşgala durmuşyna taýýarlamaga bagyşlanan «Maşgala agzybir — jemgyýet jebis» atly wagyz-nesihat geçirildi. Türkmenistanyň Ýaşlar guramasynyň Kerki etrap geňeşini guran çäresine kärhanada zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar.

Onda maşgala gymmatlyklary, är-aýalyň arasyndaky özara gatnaşyklarda biri-birine düşünişmek, gaýynlara hormat goýmak ýaly meseleleriň üstünde durlup geçildi. Ozaldan gelýän maşgala däpleri, olaryň agzybirligi saklamakdaky orny, çaga terbiýesi hakynda hem gürrüň edildi. Nika bozulmalarynyň öňüni almak hakyndaky gürrüňlere hem giň orun berildi. Çäre söhbetdeşlik görnüşinde geçirildi we orta atylan meseleler barada ýaşlaryň pikirleri diňlenildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: