Wladimir Putin Serdar Berdimuhamedowyň bilelikdäki rus-türkmen uniwersitetini döretmek baradaky pikirini goldady
Resminamalara gol çekişmeler tamamlandan soň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş eden wagty Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň bilelikdäki rus-türkmen uniwersitetini döretmek baradaky pikirini goldaýandygyny aýdandygy barada Türkmenistanyň köpçülikleýin habar serişdelerinde habar berilýär.
Russiýanyň Prezidenti dürli hünärler boýunça ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlamaga Türkmenistana işjeň ýardam berýändigi belledi. Ol häzir bu Russiýada türkmenistanly talyplaryň 30 müňden gowragy bilim alýandygyny, olaryň 4,3 müňden gowragynyň býujet esasynda okaýandygyny hem aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 10-njy iýunda Russiýa Federasiýasynda resmi saparda boldy.