SYÝASAT

Hindistanyň Prezidenti Türkmenistana döwlet sapary bilen geler

Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowind Türkmenistanyň Prezidentiniň çakylygy boýunça 1-4-nji aprelde Türkmenistanda döwlet saparynda bolar. Bu barada «newsonair.gov.in» neşirine salgylanmak bilen «atavatan-turkmenistan.com» habar berýär.

Hindistanyň Prezidentiniň Türkmenistana sapary prezident derejesindäki ilkinji sapar bolar. Hindistanyň döwlet ýolbaşçysy saparynyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşar.

Gepleşiklerde şu ýylyň ýanwar aýynda geçirilen «Hindistan — Merkezi Aziýa» sammitiniň netijelerini durmuşa geçirmek ýaly ikitaraplaýyn we sebitleýin hyzmatdaşlygyň dürli meselelerini ara alyp maslahatlaşar. Saparyň dowamynda käbir şertnamalara gol çekilmegine garaşylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: