SYÝASAT

Türkmen hünärmenleri Merkezi Aziýanyň weterinar gulluklarynyň işgärleriniň iş maslahatyna gatnaşdylar  

 Merkezi Aziýada çäkleri dolandyrmak maksatnamasynyň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň weterinar we fitosanitar gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň üç günlük sebitleýin maslahaty boldy. Onda Latwiýa Respublikasynyň Azyk we weterinar gullugynyň hem-de Riga tehniki uniwersitetiniň ekspertleri Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň hünärmenlerini hünär endikleriniň ösüş konsepsiýasy, innowasion usullar we işiň gidişine tehnologiki täzelikleri girizmegi kämilleşdirilişi bilen tanyşdyrdylar.

«Türkmenistan. Altyn asyryň» habar bermegine görä, bilelikdäki türgenleşikleriň meýilnamasyny taýýarlamak we ylalaşmak hem-de weterinar gulluklaryň işgärlerini okatmaga elektron modullary girizmek maslahatyň möhüm netijeleriniň biri boldy.

Çäre Ýewropa bileleşiginiň Merkezi Aziýada çäkleri dolandyrmaga ýardam bermek maksatnamasynyň onunjy tapgyrynyň çäklerinde guraldy. Bu maksatnama Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýär.

Ýewropa Bileleşigi Türkmenistan bilen köpden bäri howpsuzlyk we ykdysady ösüş, ekologiýa we suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak ýaly ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: