YKDYSADYÝET

Türkmenistan: Baýramaly etrabyndaky hususy kärhanada mesge ýagynyň täze görnüşi öndürilip başlandy

Baýramaly etrabyndaky «Ak çeşme» haryt nyşanly süýt önümlerini öndürýän hususy kärhanada mesge ýagynyň täze görnüşi öndürilip başlandy. Bu barada «Rysgal» gazeti habar berýär.

Bu hususy kärhanada öndürilýän süýt önümleriniň hil derejesine aýratyn üns berlip, önümler dürli göwrümli gaplara gaplanyp alyjylara hödürlenilýär. Bu ýerde ilatyň ösen isleginden peýdalanýan gatygyň, gaýmagyň, aýranyň, doragyň, peýniriň, mesge we sary ýagyň jemi 18 görnüşi öndürilýär. Göze gelüwli we owadan, döwrebap gaplara gaplanylan süýt önümleri müşderileriň arasynda uly islege eýe bolýar. Bu ýerde öndürilýän mesge ýaglary ýokary hilli, sygyr süýdüniň pasterizirlenen gaýmagyndan hiç hili goşundysyz taýýarlanýandygy bilen tapawutlanýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: