YKDYSADYÝET

Ýüpekçiler höweslendirilýär

Kärdeşler arkalaşyklarynyň Çärjew etrap birleşmesi tarapyndan öňdebaryjy ýüpekçileriň 50-sine göreldeli zähmeti üçin sowgatlar gowşuryldy.

Şu ýyl etrapda tejribeli ýüpekçileriň 7000-e golaýy gymmatly çig malyň 261 tonnasyny ýygnap, kümüşsöw çäje goşant etmegi maksat edinýärler. Häzirki günlerde ýüpek gurçuklaryny göwnejaý idetmek ugrunda yhlasly zähmet çekilýär. Etrap boýunça 500 gektardan gowrak meýdandaky tut daragtlary bol iýmit gory bolup hyzmat edýär. Hasyly kabul etmek üçin birkemsiz taýýarlyk görüldi: pile kabul ediş we guradyş bölümleriniň 7-si hem möwsüme birkemsiz taýýar edildi.

«Ýassydepe», «Lebap», «Watan», «Dostluk», Hudaýnazar Hajyýew adyndaky, «Amyderýa», «Parahat» daýhan birleşikleriniň ýüpekçileri ýüpek gurçuklaryny idetmekde has öňe saýlanýarlar. Hasylyň agramly bölegi «Ýassydepe», «Lebap», Hudaýnazar Hajyýew adyndaky daýhan birleşikleriniň ýüpekçileriniň paýyna düşýär. Häzirki wagtda hojalyklaryň köpüsinde ýüpek gurçuklary pile sarap başladylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: