YKDYSADYÝET

Türkmenistanyň dört welaýatynda ýeralma ekişine girişildi

Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda diýen ýaly, ýeralma ekişine guramaçylykly girişildi.

Göz öňünde tutulan meýilnama laýyklykda, üstümizdäki ýylda Ahal welaýatyň gök ekerançylary 9 müň 200 gektar meýdanda ýazlyk ýeralmanyň ekişini geçirip, şonça ýerden 128 müň 800 tonna hasyl almagy maksat edinýärler.

Balkan welaýatynda bolsa jemi 2 müň 900 gektara ýeralma ekilip, şondan 40 müň 600 tonna hasyl ýygnamak göz öňünde tutulýar. Şonça meýdanyň 1 müň 600 gektaryna ýazlyk ýeralmany ekmek işi mart aýynyň başyna tamamlanar we ondan 22 müň 400 tonna hasyl almak maksat edinilýär.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, lebaply ekerançylar bolsa gök bakja önümleri üçin bölünip berlen 11 müň 670 gektar ýeriň 2 müň 300 gektaryna ýeralma ekerler. Şonça ýeriň 1 müň 400 gektaryna ýazlyk, galan 900 gektaryna bolsa güýzlük ýeralma ekmek meýilleşdirilýär. Welaýatda ýazlyk ýeralmadan 19 müň 600, güýzlükden bolsa 12 müň 600 tonna hasyla garaşylýar. 

Şu ýylda Mary welaýaty boýunça 9 müň gektar meýdana ýazlyk ýeralma ekmek meýilleşdirilýär. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: