SYÝASAT

GDA ýurtlarynyň synçylary Türkmenistanda geçiriljek saýlawlara gözegçilik etmäge gatnaşarlar

Garaşsyz döwletler arkalaşygyna (GDA) agza ýurtlaryň synçylary Türkmenistanda geçiriljek Prezident saýlawlaryna gözegçilik etmäge garaşýarlar. Bu barada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygynyň birinji orunbasary Leonid Anfimowyň aýdanlaryna salgylanyp, Belarusyň «BELTA» agentligi çarşenbe güni habar berdi, diýip, «business.com.tm» ýazýar .

Türkmenistanda geçiriljek Prezident saýlawlaryna synçy hökmünde gatnaşmagy meýilleşdirýändiklerini aýdan Anfimow «Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň ýakynda geçirilen mejlisinde saýlawlara ýerli we halkara hünärmenleriň hem-de synçylaryň gatnaşjakdygy bellenildi. Elbetde, ýakyn geljekde şeýle çakylygy alarys diýip pikir edýärin we biz eýýäm bu ugurda topar döredip başladyk» diýipdi.

Demokratiýanyň, parlamentarizmiň ösüşine gözegçilik etmek we GDA agza ýurtlaryň Parlamentara Assambleýasynyň raýatlarynyň hukuklaryny goramak boýunça halkara institutynyň direktory Iwan Muşket şenbe güni GDA agza ýurtlaryň Parlamentara Assambleýasy Türkmenistanyň hökümetiniň 12-nji martda möhletinden öň geçiriljek Prezident saýlawlaryna gözegçilik etmek boýunça çakylygyna sereder diýipdi.

Türkmenistanda 12-nji martda möhletinden öň Prezident saýlawlaryny geçiriler.

Türkmenistanda duşenbe güni Prezident saýlawlary möwsümi başlandy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: