YKDYSADYÝET

Mukrydaky desga şu ýyl 1,2 million kub metr agyz suwuny hödürledi

Köýtendag etrabynyň «Magdanlyşäheragyzsuw» müdirliginiň Mukry suw arassalaýjy desgasynda ilata bir gije-gündiziň dowamynda 50 müň kub metre çenli agyz suwy berilýär.

2015-nji ýylyň iýul aýynda ulanylmaga berlen, 13,6 gektardan gowrak meýdany eýeleýän Mukry suw arassalaýjy desgasyna ini 15 metr, uzynlygy 430 metr bolan akaba arkaly Amyderýanyň suwy getirilýär. Akabany arassalamak üçin kuwwatlylygy 120 kub metr bolan gum sorujy enjam ulanylýar.

Bu ýerde häzirki wagtda işçi-hünärmenleriň 274-si yhlasly zähmet çekýär. Olaryň birleşen tagallalarynyň netijesinde bu kuwwatly desgada ýylyň başyndan bäri 1 million 285 müň 583 kub metr agyz suwy arassalanylyp, ilata ýetirildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: