YKDYSADYÝET

Daşary ýurt awiakompaniýalaryna elýeterli hyzmat

Kerki halkara howa menzili daşary ýurt awiakompaniýalarynyň howa gämilerine ýokary hilli ýerüsti hyzmatlary we ýangyç guýmak hyzmatlaryny hödürläp başlady.

Türkmenabadyň Halkara howa menziliniň resmi saýtynyň Kerkidäki menzil üçin aýrylan sahypasynda täze hyzmatyň daşary ýurt awiakomapniýalaryny höweslendirmek maksatly ýola goýlandygyny ýazylýar. Şu maksat bilen Kerki halkara howa menzili ýerüsti hyzmatlary häzirki wagtda Türkmenistanda iň arzan bahalar bilen hödürleýär. Şeýle hem saýtda menzilde tehniki gonuşlary amala aşyrýan daşary ýurt awiakompaniýalarynyň howa gämilerine her gatnawda 15 tonnadan az ýangyç guýmazlyk şerti bilen, degişli ýygymlardan başga ähli ýerüsti hyzmatlaryň mugt ýerine ýetirilýändigi habar berildi. Munuň üçin saýtda habarlaşylmaly elektron salgy we telefon belgileri görkezildi.

Ýeri gelende, häzirki wagtda Kerki halkara howa menziliniň Täjigistanyň «Somon Air» awiakompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk saklaýandygyny ýatladýarys. Bu awiakompaniýanyň halkara uçuşlary amala aşyrýan uçarlary ýangyç guýmak üçin Kerkide düşläp geçýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: