JEMGYÝET

«Türkmenhowaýollary» awiakompaniýasynyň uçary ertir Moskwa gatnaw amala aşyrar

«Türkmenhowaýollary» agentligi 2022-nji ýylyň 18-nji martynda sagat 06:00-da Aşgabat — Moskwa ugry boýunça ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň konsullyk bölüminiň «Telegram» kanalynda habar berildi, diýip, «salamnews.tm» ýazýar.

17-nji martda sagat 09:00-da awiakompaniýanyň ofislerinde bu uçar gatnawlary üçin petekleriň satuwy başlanar. Olaryň salgylary we telefon nomerleri:

Aşgabat şäheriniň Oguzhan köçesiniň 211-nji jaýy. Tel.:  (+99312 39-17-01).

Mary şäheriniň Magtymguly köçesiniň 11-nji jaýy. Tel.: (8 005 22 3-27-77).

Türkmenabat şäheriniň Magtymguly şaýolynyň 80-nji jaýy. Tel.: (+993 422 3-92-10).

Daşoguz şäheriniň Ruhnama köçesiniň 100-nji jaýy. Tel.: (+993 322 9-00-58 / 9-12-21 / 9-20-20).

Türkmenbaşy şäheriniň Azady köçesiniň 2-nji jaýy. Tel.: (+993 243 5-00-52).

Ekonom klas peteginiň bahasy 400 amerikan dollaryna deňdir. Töleg daşary ýurt walýutasynda amala aşyrylýar. Ýolagçylar tölegler boýunça maglumaty awiakompaniýadan alyp bilerler.

Daşary ýurt raýatlary gitmänkä möhleti 48 sagatlyk lukmançylyk gözegçiliginiň otrisatel testini (PCR) almaly.

Moskwadan başga ýere ugrajak ýolagçylar tranzit biletleri üçin Aşgabatdaky «S7» awiakompaniýasynyň ofisine ýüz tutmaly.

Salgysy: A.Nyýazow köçesiniň 174-nji jaýy. Tel: +993 12 21-05-93 / +993 64 03-37-03).

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: