YKDYSADYÝET

Köneürgençli daýhanlar bugdaýa ideg edýärler

Köneürgenç etrabynyň «Pagtaçy» daýhan birleşiginiň zähmetsöýer kärendeçileri geçen ýyl 735 gektar meýdana ekilip, kadaly gögeriş alnan bugdaýlara ideg çärelerini gyzgalaňly alyp barýarlar. Olar munuň üçin zerur bolan ýerli dökünleriň 2500 tonna golaýyny öz wagtynda taýýarlap, atyzlaryň gyrasyna daşadylar.

Şonda dürli kysymly traktorlaryň 4-siniň güýjünden bökdençsiz peýdalanylmagy işiň öndürijilikli dowam etdirilmegine şert döretdi. Şeýlelikde, taýýarlanylan dökünler atyzlara sepildi. Mundan başga-da bugdaýlaryň her gektaryna 200 kilogram karbamid döküni hem berildi. Şu günler bugdaýlara suw tutmak hem guramaçylykly ýola goýuldy.

Bu barada «Daşoguz habarlary» gazeti habar berýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: