BIZE YAZYARLAR

Bag ek – sogap gazan!

Ata Watanymyzda we tutuş sebitde tebigatdan aýawly peýdalanmak, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça uly işler amala aşyrylýar. Milli tokaý maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyz boýunça bag ekmeklik indi däbe öwrüldi. Ekilen agaçlar bolsa gök öwsüp, ülkämiziň gözelligine görk goşýar. Bu bolsa, her bir ynsana çäksiz ruhubelentlik paýlaýar. Bu gözellik ekologik taýdan hem has ähmiýetlidir. Gür baglyklar tebigatymyzy hapalanmakdan gorap saklaýar, ýol ugrunda ekilen daragtlar bolsa demir ýollary, gara ýollary çäge syrgynlaryndan gorap saklaýar.

Baglar adamlary tomsuň ýiti şöhlesinden goraýar we goýy kölegesi bilen jana şypa berýär, howany kislorod bilen baýlaşdyrýar. Şonuň üçin biziň her birimiz ekilen baglara esawan bolmaly. Şonda ýurdumyz abadan hem owadan bolar. Bag ekmeklik, onuň sogaby barada ata-babalarymyzdan bize parasatly sözleri galypdyr. Biz hem ata-babalarymyzyň pähim-paýhasyndan dörän: «Bag-ekeniňki, ýap-çekeniňki», «Bir nahal ekseň, ýaşyň baky» ýaly parasatly pähimlerden ugur alyp, bilim alýan ojagymyzyň işine tejribeli mugallymlaryndan bag ekmekligiň, ony ýetişdirmekligiň usullary bilen tanyşýarys. Bu bolsa biz – talyp ýaşlaryň türkmen tebigatyna bolan söýgümizi has-da ösdürýär. Sebäbi biz bagyň islendik ynsan üçin ähmiýetiniň uludygyna gowy düşünýäris we türkmen tebigatyny gorap saklamakda yhlasymyzy gaýgyrmaýarys, köpçülikleýin bag ekiş dabaralaryna ähli mugallymlarymyz we talyplarymyz bolup işjeň, uly höwes bilen gatnaşýarys.

Nurana Atamuradowna Allaýewa,

Türkmenabadyň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: