JEMGYÝET

Türkmenistanda 15-nji maýa çenli balyk tutmak gadagan edildi

Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentliginiň Döwlet balyk goraýyş we suwuň bioserişdelerine gözegçilik müdirliginiň Ahal welaýaty boýunça bölümi «Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, 2022-nji ýylyň ýazynda Garagum derýasynda we Ahal welaýatynyň çägindäki ähli suw howdanlarynda, Türkmenistanyň günortasyndaky beýleki suw howdanlarynda balyk gorlaryny gorap saklamak we yzygiderli köpeltmek üçin olaryň işbil taşlaýan döwründe, ýagny 20-nji martdan 15-nji maýa çenli aralykda balyk tutmagyň gadagan edilendigi barada habar berdi.

Döwlet balyk goraýyş we suwuň bioserişdelerine gözegçilik müdirliginiň ýerlerdäki bölümleriň ýörite kesgitlenýän suw howdanlarynda höwesjeň we sport maksatly balykçylara 3 (üç) çeňňekden köp bolmadyk çeňňekler, zyňma çeňňekler we spinningler bilen balyk tutmaga rugsat berilýändigini habar berilýär.

Bu baradaky bildiriş «Ahal durmuşy» gazetinde çap edildi.

Bu düzgün Türkmenistanyň ähli ýerlerinde hem girizildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: