Çagalar baglarynyň müdirleri bilen okuw maslahaty geçirildi

Türkmenistanyň Milli Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň welaýat bölüminiň guramagynda Çärjew, Dänew we Farap etraplarynda okuw maslahatlary geçirildi. Olara etrap bilim bölümleriniň işgärleri, çagalar baglarynyň müdirleri gatnaşdylar.

Okuw maslahatlarynda adatdan daşary ýagdaýlar dörände, özüni alyp barmagyň düzgünleri, inçekesel, onuň döreýşi, geçiş ýollary, bejerilişi we öňüni almagyň usullary barada düşünjeler berildi. Degişli hünärmenler gozgalan meseleleriň üstünde jikme-jik durup geçdiler. Okuwda öwrenenlerini edaralarynyň hünärmenlerine düşündirmek tabşyryldy. Adatdan daşary ýagdaýlarda özüni alyp barmagyň düzgünlerini öwredýän gollanmalar, şahsy arassaçylyk, inçekesel we onuň öňüni almak barada düşünje berýän neşir önümleri paýlanyldy.

Adblock
detector