JEMGYÝET

Buzgaýmakda koronowirus çykdy

Ýalňyş okamadyňyz. Sowuk hem datly tagam bolan buzgaýmak keselledi. Özi-de koronowirus bilen. Bu ýagdaýa Hytaýyň Týanszin welaýatynda ilkinji gezek gabat gelindi.
Bu barada «Sky News» habarlar agentliginiň taýýarlan habarynda aýdylýar.
Berlen düşündirişlere görä, buzgaýmak işläp çykarýan kompaniýa çig malyň käbir görnüşli Täze Zelandiýadan we Ukrainadan getirilipdir.
Häzir düzüminde koronowirus alamatlary bolan buzgaýmak tapgyry karantine alyndy. Epidemiologiýa gullugynyň hünärmenleri bolsa munuň sebäbi gözleýärler.
Lids uniwersitetiniň wirusology, doktor Stiwen Griffiniň aýtmagyna görä, beýle halatyň birden artyk gaýtalanmagy mümkin däl. Çünki buzgaýmagyň düzümindäki koronowirus infeksiýalarynyň bu kesele ýolugan bir hünärmenden geçen bolmagy ahmal.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply