JEMGYÝET

«Türkmenawtoulaglary» agentliginde ýük we ýolagçy gatnadylyşy artýar

«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Lebap welaýatyndaky kärhanalarynda ýükleri daşamakda we ýolagçylary gatnatmakda gowy netijelere eýe bolunýar. 2022-nji ýylyň geçen alty aýynda ýük dolanyşygy 35,3 million tonna-kilometre, ýolagçy dolanyşygy bolsa 85,9 million ýolagçy-kilometre deň boldy we geçen ýylyň deňeşdirilýän döwüne görä degişlilikde 23,2 göterim, 18,4 göterim köpeldi. Üstümizdäki ýylyň birinji ýarymynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende demirýol we içerki suw ulaglary boýunça ýük dolanyşygy degişlilikde 15,2 göterim hem-de 13,8 göterim köpeldi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: