BIZE YAZYARLAR

IŞLESEŇ IL TANAR 

 Durmuşymyzyň we döwrümiziň ähli babatda ösmegi bilen, milli işewürlik we söwda aragatnaşygy hem ösdürilýär hem-de önümçiligiň gerimi giňelýär. Halkymyza edilýän söwda hyzmatlarynyň hili barha gowulanýar we harytlaryň ýokary hilli görnüşleri hem köpelýär.

Şolaryň hatarynda indi on ýyldan bäri ildeşimiz Merdan Geldimyradow hem paýtagtymyzda sport harytlaryny halkymyza hödürleýär. 2012-nji ýylda biznese belli brendli sport aýakgabyny saýtmak hakyndaky pikir bilen başlan Merdan häzirki wagtda Älemsport kompaniýasynyň esaslandyryjysydyr. Ol «Berkarar» söwda we dynç alyş merkezinde ýerleşýän we 2017-nji ýylda açylan Älemsport dükanynda sporta we bedenterbiýä höwesli türkmenistanlylara dünýä belli markaly sport egin-eşikleri, aksesuarlary, türgenleşik enjamlary, serişdeleri we beýleki ugurdaş harytlary hödürleýär. Olaryň arasynda dünýä belli brendler we  Älem sport, Älem, Laýyk nyşanly önümler bar. Älemsportuň harytlary bilen online tanyşmak mümkinçiligi alemsportm instagram sahypasy arkaly açylýar. Onda isleg bildirilýän önümleri sargyt etmek mümkinçiligi hem ýola goýulandyr.

          Işeňňir ildeşimiz «elmydama orginaly saýla, sebäbi ol  sen bilen elmydama galar» diýmek bilen aňrybaş hilli harytlary saýlamagyň we hödürlemegiň hötdesinden gelýär.

          «Sportda uly güýç bar, aýratynlykda ýa-da topar hökmünde oýnasakda, özümizi iň gowy görnüşe getirmegini ruhlandyrýar. Biz hem dünýäniň iň söýgüli sport görnüşlerini, bedenterbiýe we durmuş ýörelgeleriniň ösmegini hem-de güýçli işjeň medeniýeti goldaýarys we geljekde guran maksatnamalarymyzda ösmegimizi we täzelenmegimizi dowam etdireris» diýip, Merdan belleýär.

Onuň  özi hem halkymyza söwda hyzmatlaryny etmek bilen, birlikde sport bilen yzygiderli meşgullanýar, dürli sport görnüşlerine janköýerlik edýär. Sagdyn ýaşamagyň we ajaýyp durmuşyň hözirini görmekde çagalaryna hem sagdyn atalyk göreldesini görkezýär. Ol kitap okamagy halaýar we özüni aň-ruhy taýdan kämilleşdirýär. Bedew atlara ideg etmek, olar bilen yzygiderli didarlaşmak, at münmek hem onuň söýýän zatlarynyň biri.

Ýeri gelende bellesek, ol öz instagram (instagram:merdonals) sahypasynda biznes babatdaky başlangyçlary we bu ýoldaky geçen menzilleri hem-de ýeten sepgitleri hakyndaky ýazgylary hem paýlaşmaga başlady. Ol geljekde hem bu ugurdaky awtorlyk işini dowam etdirmegi, degişli düzümlerde edýän söwda hyzmatlarynyň gerimini giňeltmegi maksat edinýär. Maksada okgunly hereket etmek, durmuşyň dürk kadalaryna eýermek, irginsiz işlemek we il-halkymyza hyzmat etmek onuň ýaşaýyş ýörelgeleriniň esasydyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: