Jeyhun News

Информационно-аналитический портал

Lebap welaýatynda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi başlandy

Jun 2, 2021

Lebap welaýatynda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi başlandy. Şu gün tomusky dynç alşa çykan mekdep okuwçylarynyň bir topary dabaraly ýagdaýda «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezine ugradyldy.
Amyderýanyň kenarynda gurlan merkez bir tapgyrda 300 sany çagany kabul etmäge niýetlenen. Bu ýerde ýatylýan, dynç alynýan otaglar, suwa düşülýän howuz, sport meýdançalary bar. Merkez dynç alyş möwsümine doly taýýar edildi. Ýörite bilimli hünärmenler çagalaryň günleriniň gyzykly geçmekleri üçin dürli çäreleri gurarlar, olara saglygyny dikeltmäge ýardam ederler.
Çagalary gezelenje alyp gitmek üçin merkeziň ýörite awtobusy bar. «Bagtyýarlyga» gaýdan ilkinji güni olar üçin Türkmenabat şäheriniň gözel ýerlerine awtobusly gezelenç guraldy.

Leave a Reply