JEMGYÝET

Indiki ýylyň ýanwaryndan Kerkiden Aşgabada we Daşoguza howa gatnawy açylar

2022-nji ýylyň bäşinji ýanwaryndan «Aşgabat — Kerki — Aşgabat» we «Daşoguz — Kerki — Daşoguz» ugurlary boýunça howa gatnawlary amala aşyrylyp başlanar. Bu baradaky habar «Türkmenhowaýollarynyň» resmi saýtynda çap edilen uçar gatnawlarynyň rejesinde peýda boldy.

Uçuş Aşgabatdan Kerkä we yzyna hepdäniň çarşenbe we şenbe günleri, Daşoguzdan Kerkä we yzyna bolsa çarşenbe günleri amala aşyrylar.

Howa gatnawynyň açylmagy bilen, Halaç, Hojambaz, Kerki, Döwletli we Köýtendag etraplarynyň ýaşaýjylaryna ady agzalan  şäherlere gysga wagtda barmaga mümkinçilik berer. Paýtagtdan Kerkä çenli uçuş bir sagat, Daşoguzdan Kerkä çenli bir sagatdan sähel köp wagt — bir sagat bäş minut dowam eder. Ozal bu etraplaryň ýaşaýjylary ady agzalan şäherlere uçmak üçin Türkmenabadyň Halkara howa menziline gelmeli bolýardylar.

Kerkiniň halkara howa menzili şu ýylyň iýun aýynda ulanylmaga tabşyrylypdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: