Gün şöhlesinden goranyň!
Tomus möwsüminde howanyň aşa gyzmagy netijesinde Günüň ýiti şöhlesinden hökman dogry goranmaly. Zerurlyk bolmasa, irden sagat 9:00-dan öýlän sagat 18:00-a çenli aralykda daşaryk çykmak maslahat berilmeýär. Daşaryk çykylanda açyk reňkli, nah matadan tikilen eşikleri geýinmek, Günüň şöhlesinden goranmak üçin kellä başgap geýmek, ýaglyk daňynmak, saýawan götermek, arassa agyz suwuny ýanyňyz bilen almak maslahat berilýär. Şeýle-de günüň dowamynda gerekli mukdarda 1,5-2,5 litre çenli arassa agyz suwuny, dermanlyk otlardan demlenilen çaýlary, süýt, gatyk, aýran ýaly içgileri içmeli. Tomsuň yssy günlerinde daglara, açyk meýdanlara gezelençleri guramazlyk, açyk meýdanda işleýän adamlara möwsüme görä geýinmek we kelle açyk gezmeli däldigi maslahat berilýär. Gartaşan we dowamly keselleri bolan adamlar lukman gözegçiliginde bolmaly. Gan basyşyny, gandaky süýjiniň mukdaryny gözegçilikde saklamaly, lukman tarapyndan bellenilen derman serişdelerini we bejeriji berhiz saçagyny doly we dogry berjaý etmeli. Agyr, ýagly iýmitleri çäklendirip, iýmitiň düzümine ýokumly gök önümleri, miweleri köpräk goşmaly. Kiçi ýaşly çagalara howanyň aşa gyzan mahalynda daşaryk gezelenje çykmak maslahat berilmeýär.
Yssy howada köp gezmek Gün urmanyň ýüze çykmagyna getirýär. Gün uran halatynda adamda ysgynsyzlyk, ýadawlyk, başaýlanma, aýaklarda we arkada agyry we başga-da birnäçe alamatlar peýda bolýar. Kähalatlarda demgysma, gulak şaňlama, ýüregiň çalt urmagy ýaly alamatlar ýüze çykýar. Şu alamatlar dörän halatynda Gün uran adamy salkyn ýere, kölegä geçirmeli, kellesine sowuk suwa öllenilen matany goýmaly. Eger-de Gün urup, huşuny ýitiren bolsa naşatyr spirtini ysgadyp, huşuna getirmeli, gapdalyna öwürmeli we «Tiz kömek lukmançylygy» gullugyny çagyrmaly.
Narjan KURBANOWA,
welaýat onkologiýa hassahanasynyň radiolog lukmany.