BILIM

Türkmenabatly ýaş suratkeşler halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldular

Tamamlanan okuw ýylynda Türkmenabat şäherindäki çagalar çeperçilik mekdebine Azerbaýjan Respublikasyndan we Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginden hoş habarlaryň ikisi gelip gowuşdy. Ýakynda bu ýerde geçirilen çäre hem halkara bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş eden çagalaryň döredijiligine bagyşlandy.

Şu mekdebiň okuwçylarynyň birnäçesi Azerbaýjan Respublikasynyň Bilim we ylym ministrliginiň guramagynda türki dilli döwletleriň mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen «Hamsynyň täsinligi» atly onlaýn bäsleşik festiwalyna gatnaşdy. Mekdebiň nakgaşçylyk bölüminiň mugallymy Ýelena Işankulyýewa we onuň okuwçylarynyň birnäçesi döredijilik üstünligi üçin bu bäsleşigiň ýörite Diplomlaryna mynasyp boldular.

Mugallymyň şägirtleriniň birnäçesi Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherindäki Ýaşlar merkeziniň «Dostlugyň jadysy» ady bilen yglan eden çagalaryň ertekiler bilen baglanyşykly çeken suratlarynyň V Halkara onlaýn bäsleşigine hem gatnaşyp, ýokary netije görkezdi. Bu bäsleşige dünýäniň dürli döwletlerinden ýaş suratkeşleriň ýüzlerçesi gatnaşdy. Türkmenabatly suratkeşleriň «Hudaýberdi gorkak», «Akpamyk», «Ýartygulak» atly halk ertekileriniň esasynda çeken suratlary emin agzalarynyň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Bäsleşikde Roza Muhammedowa birinji, Elnara Saýidowa, Jennet Hudaýberdiýewa, Mähriban Hakimowa ikinji, Aýnura Myradowa, Kerim Işankulyýew dagy üçünji orunlara mynasyp boldular. Çärede ýaş suratkeşlere bäsleşigiň medallary we Hormat hatlary gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: